AFK-nyň kubogy: şu gün Aşgabatda "Altyn asyr" - "Dordoý" duşuşygy geçiriler

08:5319.06.2019
0
6972

Şu gün Türkmenistanyň futbol boýunça çempiony, Aşgabadyň "Altyn asyry" AFK-nyň kubogy - 2019-yň bäşinji tapgyrynyň çägindäki duşuşygyny geçirer.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýänleri Gyrgyz Respublikasynyň 10 gezek çempiony "Dordoýy" kabul eder. Duşuşyk 26 müň orunlyk "Köpetdag" stadionynda geçiriler. Agşam sagat 19-da başlanjak duşuşyga ýaponiýaly Ýudai Ýamamotanyň ýolbaşçylygyndaky eminler eminlik eder.

"Altyn asyr" bilen "Dordoý" AFK-nyň kubogynyň çägindäki ilkinji duşuşyklaryny 2017-nji ýylda geçiripdiler. Şolaryň ikisi hem türkmen toparynyň ýeňşi bilen tamamlanypdy. Gyrgyz Respublikasynyň wekilini öz öýünde 3:0 hasabynda ýeňen "Altyn asyr" myhmançylykda-da 2:0 hasabynda rüstem gelipdi. Şu ýyl Bişkekde geçirilen duşuşyk bolsa 1:1 hasabynda tamamlandy.

Şu gün toparçanyň beýleki duşuşygynda "Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy" stadionynda "Hujand" bilen "Istiklol" duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň