Ýazguly Hojageldiýew: "Altyn asyryň" maksady hemişe ýeňiş

15:0518.06.2019
0
5022

Şu gün «Arçabil» myhmanhanasynda geçirilen metbugat maslahatynda žurnalistleriň sowallaryna jogap beren «Altyn asyryň» baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew ertir «Dordoý» bilen geçiriljek duşuşyk baradaky pikirlerini beýan etdi:

― «Altyn asyr» «Dordoý» bilen boljak duşuşyga nähili taýýarlyk gördi? Şikes alan futbolçylar barmy?

― Duşuşyga taýýarlykly geldik diýip pikir edýärin. Bizde milli ýygyndynyň duşuşyklary sebäpli, uly bolmadyk arakesme boldy. Şol döwürde şikesli oýunçylarymyz hem doly sagalyp ýetişdi. Olaryň ählisi ertirki duşuşyga taýýar. Biz Türkmenistanyň çempionatyndaky soňky duşuşygymyzda esasy derwezeçimize hem dynç berip, ikinji derwezeçini oýnatdyk.

― «Altyn asyryň» ertirki duşuşyk üçin goýan maksady nähili?

― Hemişe bolşy ýaly, diňe ýeňiş hakynda pikir edýäris. Muňa oýunçylar hem özüni taýýarladylar.

― «Altyn asyr» eýýäm «Dordoý» bilen bir gezek duşuşdy. 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan şol duşuşyk barada bu gün näme aýdyp bilersiňiz?

― Häzir bu duşuşyk barada bir zat diýmek kyn. Ondan soň biz birnäçe duşuşyk geçirdik, olarda toparyň oýun uslybynda hem üýtgeşmeleri girizdik.

― «Altyn asyr» Türkmenistanyň çempionatyndaky soňky duşuşygynda ýeňşi elden gidirdi. Bu ýagdaý türkmen janköýerlerini ertirki duşuşyk üçin endişelendirýändir diýip pikir edýärsiňizmi?

― Bu düýbünden başga oýun, taýýarlyk hem düýbünden başgaça. Garşydaş hem başgaça. Çempionatdaky garşydaşlarymyz bize, esasan, goragda garaşýarlar. Şeýle oýunlarda ýeňiş gazanmak kyn düşýär.

― Garşydaş ― «Dordoý» barada näme aýdyp bilersiňiz?

― Garşydaşy biz ilkinji ýyl tanamaly däl. «Dordoýam» diňe ýeňiş üçin meýdana çykýan topar. Garşydaşda güýçli taraplar kän. Ertir kim has güýçli yhlas etse, şol hem ýeňiji bolar.

― «Dordoý» dördünji tapgyrda Täjigistanyň «Istiklolyndan» üstün çykdy. Toparyň bu ýeňşi barada size nähili täsir etdi?

― Biz hiç haçan garşydaşyň başga duşuşyklaryna görä baha kesmeýäris, öz güýjümize ynanýarys. Elbetde, toparçada göreş güýçli dowam edýär. Bu ýagdaý birinji gezek ýüze çykanok, bäsdeşlik geçen ýyllarda hem güýçlüdi. Biz muňa öwrenişdik.

― Şeýle bolsa, toparyňyzyň AFK-nyň kubogyndaky mümkinçiliklerine nähili baha berýärsiňiz?

― Bu-da edil geçen ýyllardaky ýaly. Ähli zat soňky duşuşyklara bagly bolar.

― Toparçada haýsy orny eýelemäge garaşýarsyňyz?

― Biz hemişe toparçadan çykyp, ýaryşy dowam etdirmegiň meýillerini biçýäris. Hemişe iň ýokary maksady goýýarys. Mundan başga näme bolup bilsin?

Gurbangeldi Batyrow: «Altyn asyr» «Dordoý» bilen boljak duşuşyga taýýar

Žurnalistiň özüne gönükdiren sowalyna «Altyn asyryň» 30 ýaşly ýarym goragçysy gysgajyk jogap berdi.

― «Altyn asyryň» taýýarlygy nähili?

― Baş tälimçimiziň aýdyşy ýaly, ähli oglanlar sagdyn, biz ertirki duşuşyga taýýar

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň