Futzal ligasy: 20-nji tapgyryň netijeleri

01:3716.06.2019
0
3910

Ýurdumyzyň futzal ligasynyň 20-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu tapgyrda öňdebaryjylaryň ikisi-de, “Talyp sporty” bilen “Köpetdag” toparlary ynamly ýeňiş gazandylar. “Talyp sporty” topary “Ahaldan” uly hasap bilen üstün çykan bolsa, “Köpetdag” “Nesili” ýeňlişe sezewar etdi - diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Futzal ligasynyň 21-nji tapgyry 16-njy iýunda geçiriler.

Ilkinji gezek futzal ligasy ady bilen geçirilýän ýurdumyzyň çempionaty toparlaryň 12-siniň gatnaşmagynda geçirilýär. Iki aýlawdan ybarat bolan futzal ligasynyň duşuşyklarynyň Aşgabatda, Türkmenbaşyda hem-de Änewde geçirilýändigini ýatladýarys.

XX tapgyryň netijeleri:                      

Oýun 115. “Gümrükçi” - “TNGIZT” 3:2

Oýun 116. “Deňizçi” - “Serhetçi” 3:1

Oýun 117. “Migrasiýa” - “Senagatbank” 3:2

Oýun 118. “Milli goşun” - “Daýhanbank” 6:1

Oýun 119 “Ahal” - “Talyp sport” 3:10

Oýun 120 “Köpetdag” - “Nesil” 3:1

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň