Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş şertleri bilen tanyşdy

06:4214.06.2019
0
8611

13-nji iýunda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine dessin ýagdaýy yglan eden milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow irden harby we hukuk goraýjy edaralaryň bölümleriniň biriniň çägine geldi - diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy merkezi girelgede ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar. Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow şahsy düzümleriň taýýarlyk derejesi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby bölümiň merkezi binasyna bardy. Soňra milli Liderimiz harby bölümiň ýöriş meýdançasyna geldi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde harby nyzama düzülen esgerler we serkerdeler bilen salamlaşdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysy esgerleriň ýatýan otagyna baryp gördi, bu ýerde esgerler üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Aýratyn-da, döwlet Baştutanymyz esgerleriň gündelik durmuşda ulanýan serişdeleri, olaryň hil derejesi we aýratynlyklary, lukmançylyk hyzmaty bilen içgin gyzyklandy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz okuw otagynyň, dellekhananyň we beýleki otaglaryň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Bu ýerde serkerdeleriň we esgerleriň gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Harby bölümiň naharhanasynda taýýarlanýan tagamlaryň hili we görnüşleriniň bellenilen talaplara doly laýyk gelýändigini, ol ýerde ekologiýa taýdan arassa önümleriň taýýarlanýandygyny aýratyn bellemeli.

Harby gullukçylar bu ýerde boş wagtlary döredijilik we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Şeýle hem ýaş esgerler döwlet Baştutanymyzyň sözlerine, Kerimguly Berdimuhamedowyň sazyna döredilen «Rowaç» atly aýdymy uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Türkmenistanyň okgunly öňe gitmegini alamatlandyrýan, milli buýsanjymyz bolan bedewe bagyşlanan bu aýdym mähriban Watanymyzyň asudalygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine gönükdirilen beýik maksatlara ruhlandyrýar.

Bu bölümiň şäherçesiniň düzüminde Medeniýet öýi bar. Onda medeni-köpçülik çärelerini, aýdym-sazly dabaralary, dürli maslahatlary geçirmek üçin ähli zerur serişdeler bar. Şeýle hem bu ýerde lukmançylyk gullugynyň otaglary ýerleşýär. Olar dürli lukmançylyk hyzmatlaryny ýokary hilli hödürlemäge mümkinçilik berýän enjamlar bilen üpjün edildi. Mundan başga-da, harby bölümiň ösen halkara ülňülerine laýyk gelýän sport meýdançasy bolup, onda esgerleriň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň ýöriteleşdirilen türgenleşik meýdançasynyň synlaýyş münberine bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýörite maksatly toparlaryň harby gullukçylarynyň taktiki taýýarlygy babatdaky ussatlygyny synlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň