Soňky habarlar

Arhiw

Baku şäherinde birinji Hazar ykdysady forumy barada tegelek stol geçirildi

17:2713.06.2019
0
1267
Baku şäherinde birinji Hazar ykdysady forumy barada tegelek stol geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy Azerbaýjanyň halkara gatnaşyklarý seljeriş Merkezi bilen bilelikde şu ýylyň awgust aýynyň 12-sine “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlap tegelek stoluň başyndaky duşuşygy geçirdi.

Tegelek stoluň başyndaky duşuşyga Baku şäherinde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, deputatlar, maliýe-ykdysady  we maýa goýum edaralarynyň wekilleri, bilermenler, alymlar, şeýle-de Azerbaýjanda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Çärede çykyş edenler birinji Hazar ykdysady forumy geçirmek boýunça başlangyjy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürendigini nygtap, Türkmenistanyň baý tebigy gorlary, Türkmenistanyň sebit we halkara ulag-logistika gatnaşyklarynda eýeleýän wajyp orny, iri döwrebap infrastruktura desgalary hem-de bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi barada belläp geçdiler.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň