Türkmen pälwany Özbegistanda geçirilen halkara ýaryşda kümüş medala mynasyp boldy

17:0413.06.2019
0
5216

Şu ýylyň 8 - 10-njy iýuny aralygynda Özbegistanyň Buhara şäherinde ýurduň Prezidentiniň goýan baýragy ugrunda halkara kuraş ýaryşy geçirildi. Bu ýaryş Bahaweddin Nagyşbendiniň hatyra gününe bagyşlandy.

olimpic.uz saýtynyň habar bermegine görä, üç günläp dowam eden ýaryşa 20-ä ýakyn döwletden 100-den gowrak türgen gatnaşdy. Şol sanda türkmenistanly pälwanlar hem ýurduň Prezidentiniň goýan baýraklary ugrundaky ýaryşa goşuldylar.

Gyzykly tutluşyklaryň netijesinde, 73 kilograma çenli agram derejesindäki pälwanlaryň arasynda türkmen türgeni Muhammet Temirow kümüş medala mynasyp boldy. Deslapky tutluşyklaryň ählisinde garşydaşlaryndan üstün çykan ildeşimiz diňe finalda ýerli pälwan Urol Sadykowdan asgyn geldi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň