Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ylymlary ösdürmegiň gaznasy döredildi

10:2613.06.2019
0
8546

Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy-barlaglaryň döwrüň talaplaryna laýyklykda ösüşini gazanmak, ylmy maslahatlaryň, ylmy saparlaryň, ylmy innowasion oýlap tapyşlaryň hem-de bilelikdäki halkara ylmy taslamalaryň maliýeleşdirilişini býujetden daşary serişdeleriň, hemaýatkärleriň serişdeleriniň hem-de kanunçylykda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ylymlar akademiýasynyň Ylymlary ösdürmegiň gaznasy döredildi, bu gazna hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Ylymlar akademiýasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň