Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Ugandanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.
Abu-Dabi şäherindäki Nýu-Ýork uniwersitetiniň futbol meýdanynda geçirilen duşuşyk türkmen futbolçylarynyň Afrika wekilleri bilen ilkinji duşuşygy hökmünde taryha girdi.
Şeýlelikde, bu okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda meýilleşdirilen ýoldaşlyk duşuşygy tamamlandy. Türkmen futbolçylary BAE-däki türgenleşiklerini 11-nji iýula çenli dowam eder.
FIFA-nyň halkara ýoldaşlyk duşuşygy.
9-njy iýun. Abu-Dabi şäheri (BAE). Nýu-Ýork uniwersitetiniň stadiony.
Uganda - Türkmenistan - 0:0.
Türkmenistanyň başlangyç düzümi: Mämmet Orazmuhammedow (d), Güýçmyrat Annagulyýew, Şöhrat Söýünow, Mekan Saparow, Wezirgeldi Ylýasow, Arslanmyrat Amanow (k), Artur Geworkýan, Gurbangeldi Batyrow, Serdar Geldiýew, Altymyrat Annadurdyýew, Wahyt Orazsähedow