Türkmenistanyň futzal ligasynda "Ahal" "Milli goşundan" üstün çykdy

19:3109.06.2019
0
3651

Türkmenistanyň futzal ligasynyň 17-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygy geçirildi. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumynda geçirilen duşuşykda “Ahal” bilen “Milli goşun” toparlary duşuşdylar. Bu duşuşykda 5:2 hasabynda ýeňiş gazanan “Ahal” ýaryş tertibinde altynjy orna geçmegi başardy - diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Türkmenistanyň futzal ligasynyň 17-nji tapgyryndan soň “Talyp sportynyň” ýaryş tertibiniň birinji basgançagyny eýeleýändigini ýatladýarys. Ikinji, üçünji orunlary degişlilikde “Köpetdag” bilen “Deňizçi” toparlary eýeleýärler. 

Türkmenistanyň futzal ligasynyň oýunlary 13-nji iýunda Anew şäherinde dowam eder.

Ilkinji gezek futzal ligasy ady bilen geçirilýän ýurdumyzyň çempionaty toparlaryň 12-siniň gatnaşmagynda geçirilýär. Iki aýlawdan ybarat bolan futzal ligasynyň duşuşyklarynyň Aşgabatda, Türkmenbaşyda hem-de Änewde geçirilýändigini ýatladýarys. Futzal ligasynyň jemleýji tapgyry 29-njy iýunda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň