Soňky habarlar

Arhiw

Halkara kosmos bekedi syýahatçylary kabul eder

14:1508.06.2019
0
1031

ABŞ-nyň aerokosmos edarasy (NASA) Halkara Kosmos Bekediniň 2020-nji ýyldan başlap syýahatçylary kabul etjekdigini mälim etdi. Guramanyň ýolbaşçysy Robin Gatens bu maksat bilen her ýylda iki gatnawyň amala aşyryljakdygy belledi. Ilkinji bölegi 1998-nji ýylda uçurylan halkara beketde 2011-nji ýyldan bäri kosmonawtlar yzygiderli bolup, ylmy barlaglary geçirýärler. NASA-nyň maliýe boýunça ýolbaşçysy Jeff DeWit täze ädimiň täze maddy mümkinçilikleri hödürlejekdigini aýtdy. Halkara Kosmos Bekedi Ýerden 350 kilometr töweregi ýokarda, sagatda 28 müň kilometr tizlik bilen aýlanýar. Ýeriň daşyndaky aýlawyny 90 minutda tamamlaýan beketdäki kosmonawtlar günde 16 gezek Günüň doguşyna we batyşyna tomaşa edip bilýär. Beket  Russiýa, ABŞ, Ýaponiýa, Kanada we Ýewropa ýurtlarynyň gatnaşmagynda işledilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň