Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Aleksandr Puşkiniň doglan gününiň 220 ýyllygy bellenildi

21:2106.06.2019
0
9120

Aşgabadyň Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň adyny göterýän köçesinde ýerleşýän ýadygärliginiň ýanyna A.S.Puşkin adyndaky Bilelikdäki türkmen-rus umumy bilim berýän mekdebiň okuwçylary, şeýle hem rus şahyrynyň döredijiligine muşdaklaryň ençemesi ýygnandy - diýip, "Altyn asyr: Türkmenistan" elektron gazeti ýazýar.

Paýtagtyň owadan bagyna ýygnananlar şu ýyl doglan gününiň 220 ýyllygy bellenilýän Beýik Puşkini hatyralamak üçin bu ýere gül desseleri we şahyrana sterleri bilen geldiler. Baga ýygnananlar şahyra bagyşlanan goşgulary okadylar.

Puşkin adyndaky mekdebiň okuwçylary “Patyşa Saltan hakynda ertekiden” bölekleri okadylar. Soňra artist Tatýana Gennadýewa, Puşkin adyndaky baýragyň eýesi Jelal Magomedow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyň diller merkeziniň diňleýjisi Döwlet Artykow, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işgärleri öz gowy görýän goşgy setirlerini okadylar.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabat intelligensiýasy şahyryň doglan gününiň ýüzýyllygy ýylynda Puşkiniň ýadygärligini goýmak pikiri bilen çykyş edýär. Ol köpçülik bolup ýygnalan serişdäniň hasabyna gurlupdyr, oňa diňe bir barjamly adamlar däl, eýsem işçiler, senetçiler, esgerler... goşant goşupdyrlar. Binagär A.I. Butuzowyň taslamasy boýunça gurlan ýadygärligiň materiallaryny taýýarlamaga we ýadygärligi gurmaga iki ýyl wagt gerek bolupdyr. 1911-nji ýylda depesinde şahyryň döşheýkeli bolan sütün-postament dikeldilýär. Ýadygärlige 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde hem zeper ýetmändir, Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň doglan gününiň 200 ýyllygynda bolsa, ol restawrasisa edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň