Top.Mail.Ru

Aşgabatda iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş boýunça dünýä rekordy täzelendi

13:0403.06.2019
0
7382

Aşgabatda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen dabarada alyp baryjy «Guinness World Records» kompaniýasynyň resmi wekili hanym Şeýda Subaşi-Gemijä söz berdi.

Myhman ozaly bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de Türkmenistanyň halkyny dünýäde dabaraly bellenilýän Bütindünýä welosiped güni we milli Liderimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamany kabul etmegi bilen gutlady.

Hanym Subaşi 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş geçirilip, dünýä rekordynyň täzelenendigini habar berdi.

Giň möçberli welosiped çäresine gatnaşyjylar biri-biri bilen kesgitli aralykda bir hatara düzüldiler we Olimpiýa şäherçesiniň daşyndan öwrüm edip, 3300 metr aralygy geçdiler.

Aşgabatda 2019-njy ýylyň 3-nji martynda Hindistanda goýlan rekord täzelendi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi wekili we emin Şeýda Subaşi-Gemiji bellige aldy. Bu waka «Guinness World Records» kompaniýasy tarapyndan bellige alyndy we degişli güwänama bilen tassyklanyldy. Ol güwänama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan guralan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabarada gowşuryldy.

Şeýlelikde, paýtagtymyz gazanýan üstünliklerini, şol sanda sport ulgamynda eýeleýän sepgitlerini dowam etmek bilen, ýene-de Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Şeýlelikde, bu sanawda eýýäm Aşgabatda Olimpiýa şäherçesiniň desgalary bar. Munuň özi Olimpiýa stadionyndaky ahalteke bedewiniň çeper şekilidir we dünýäde iň uly ýapyk ýüzüş howdanly suw sport toplumydyr. Olimpiýa şäherçesiniň düzümine şu görnüşdäki desgalara bildirilýän halkara ölçeglere laýyk gelýän ýapyk welotrek girýär. Bu sport toplumynda diňe bir türgenleşikleri däl, eýsem, sebit we dünýä ähmiýetli çempionatlary geçirmek mümkinçiligi döredilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň