Soňky habarlar

Arhiw

Parižde Nury Halmämmedowyň, Daňatar Öwezowyň, Sahy Jepbarowyň eserleri ýaňlandy

23:5302.06.2019
0
2692
Parižde Nury Halmämmedowyň, Daňatar Öwezowyň, Sahy Jepbarowyň eserleri ýaňlandy

1-nji iýunda Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy bu ýerde kowçum ýaşaýan türkmenler bilen bilelikde Parižiň Teatr atelýesiniň kiçi zalynda ýurdumyzyň aýdym-saz medeniýetine bagyşlanan we ýylyň «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» şygarynyň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän döredijilik agşamyny gurnady.

Medeni çärä kowçum ýaşaýan türkmenleriň wekilleri we Parižiň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Agşamyň maksatnamasy Nury Halmämmedowyň, Daňatar Öwezowyň, Sahy Jepbarowyň we türkmen medeniýetiniň beýleki görnükli wekilleriniň eserlerinden ybaratdy.

Çäräniň dowamynda gurnalan sergi parižlileri türkmen halkynyň däp-dessurlary we amaly-haşam sungaty bilen tanyşdyrdy. Onda el halylary we haly önümleri, milli lybaslar, sowgatlyk harytlar, el nagyşlary, milli saz gurallary we şaý-sepler görkezildi.

Türkmen tagamlaryny dadan myhmanlar halkymyzyň aşpezlik medeniýeti bilen tanyşdylar.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň