4-nji iýunda Türkmenistanda Oraza baýramy belleniler

23:5001.06.2019
0
9345

Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, türkmen halkynyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna aýawly çemeleşmek, gymmatly ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2019-njy ýylyň 4-nji iýunynda belleniler we şol güni iş güni däl diýip yglan edildi.

Permanda nygtalyşy ýaly, "şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli".

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň