Soňky habarlar

Arhiw

Öňdäki 6 ýylyň dowamynda Türkmneistanda 11 müňden gowrak bina gurlar

15:2130.05.2019
0
6742

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 29-njy maýda geçirilen giňişleýin mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow döwlet Baştutanyna ýurdumyzda gurluşygy alnyp barylýan hem-de şu ýyl ulanmaga beriljek iri önümçilik we durmuş maksatly binalar hem-de desgalar barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, häzirki wagtda binalaryň we desgalaryň 11 müň 339-synyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.

2019-njy ýylda Aşgabat şäherinde Parahat ýaşaýyş jaý toplumynyň, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň, Lebap welaýatynda dört sany täze şäherçäniň hem-de Kerki şäherinde howa menziliniň, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda täze obanyň, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda hassahanalaryň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna başlanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň ünsüni eziz Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary gurmagyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegini hem-de degişli ugurda maýa goýum işjeňligini höweslendirmek boýunça çäreleriň görülmegini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigine çekdi.

Döwlet Baştutany ähli ugurlarda, şol sanda ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak, olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga büremek işleriniň depginini çaltlandyrmagyň wajypdygyny aýtdy. Ýurdumyzyň baş şäheriniň gaýtalanmajak binagärlik keşbiniň döredilmegine aýratyn üns berildi. Däbe öwrülen milli gurluşygyň hem-de dünýä şähergurluşygynyň esasy meýillerini sazlaşykly utgaşdyrýan özboluşly binalar paýtagtymyzyň bezegine öwrülmelidir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şäherde gurulýan ähli binalarda we desgalarda ýokary talaplara kybap gelýän, şol sanda ekologiýa we bezeg nukdaýnazaryndan ýokary hilli, döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanylmalydyr.

Paýtagtymyz öz belent derejesine laýyklykda, hemme ugurlarda nusgalyk şäher bolup, Watanymyzyň ähli sebitlerinde oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagynda görelde görkezmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ýurdumyzyň baş şäherinde gurulýan desgalaryň gurluşygynyň birkemsiz hilini we öz wagtynda ulanmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da Aşgabat şäherinde abadançylyk işleriniň dünýä ülňülerine laýyk derejede guralmagy barada degişli görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň