Futbol, TÝL - 2019: "Merw" bilen "Altyn asyryň" arasynda 5-nji tapgyryň galdyrylan duşuşygy geçiriler

19:1727.05.2019
0
5011

28-nji maýda Mary şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 5-nji tapgyrynyň senesi süýşürilen duşuşygy geçiriler. Onda ýerli "Merw" Aşgabadyň "Altyn asyr" futbol toparyny kabul eder.

9 duşuşykda 16 utuk toplan "Altyn asyr" Mary şäherinde ýeňiş gazanyp, "Şagadam" bilen "Ahala" ýakynlaşmaga synanyşar. Möwsümde şowsuz çykyş edip, ýaryş tertibiniň iň soňky ornuna çenli gelen "Merw" üçin hem ýaryşdan galmazlyk üçin ýeňiş zerur. Ýeňiş "Altyn asyry" 19, "Merwi" bolsa 9 utuga çykarar.

Şeýlelikde, "Merw" bilen "Altyn asyr" şu möwsümde biri-biri bilen ilkinji gezek duşuşar. Toparlaryň arasyndaky ikinji duşuşyk bolsa 12-nji tapgyrda Aşgabatda geçiriler.

 

28.05.2019 (sişenbe)

“Merw” – “Altyn Asyr”

Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)

Başlanýan wagty: 18:00

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: S.Ýaryýew (Türkmenabat ş.)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň