Türkmen Oba hojalyk uniwersitetinde Ýaponiýanyň Hirosaki uniwersitetiniň professorlary bilen okuw geçirildi

12:3822.05.2019
0
1726

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde Ýewropanyň, Aziýanyň abraýly bilim edaralary bilen halkara hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär. Hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde Türkmen Oba hojalyk uniwersitetinde Ýaponiýanyň Hirosaki uniwersitetiniň professorlary bilen okuw sapaklary geçirildi. Dünýäde ýokary önümçilikli tehnologiýalary dolandyrmagyň häzirki zaman usullaryny bilim, ylym, oba hojalygy ugurlarynda gatnaşyklar yzygiderli pugtalandyrylýar. Dünýäniň meşhur bilim merkezleriniň biri bolan Ýaponiýanyň Hirosaki uniwersitetiniň arasynda bilim, ylym, innowasiýalar ýaly ugurlarda Türkmen Oba hojalyk uniwersiteti bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýokary hasylly miweleriň ösdürilip ýetişdirilişiniň häzirki zaman tehnologiýasynyň aýratynlyklary we bu tehnologiýany türkmenistanyň toprak howa şertlerinde ýurdumyzda ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri barada talyp ýaşlaryň, mugallymlaryň gatnaşmagynda professorlar Hosam Arakamo we Kakazo Aýliýamo tarapyndan okuw sapaklary geçirildi hem duşuşyklar gurnaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň