Archive news

Awazada Türkmenistanyň X halkara gaz kongresi açyldy

10:1421.05.2019
0
2320
Awazada Türkmenistanyň X halkara gaz kongresi açyldy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň X ýubileý Halkara gaz kongresi öz işine başlady. Energetik pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi bermek maksady bilen, ýurdumyzda däp boýunça geçirilýän iri ýöriteleşdirilen forumy Türkmen gaz döwlet konserni bilen Türkmen forum kampaniýasy guradylar. 
Ençeme ýyllaryň dowamynda kongres dünýäniň gaz senagatynyň ýagdaýyny hem-de geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy meýdança bolup hyzmat edýär. Bu iri möçberli çäräniň ýokary derejesini we abraýyny halkara Gaz kongres 2019-yň häzirki ýubileý forumy hem doly derejede tassyklaýar. Foruma dünýäniň 30 döwletinden 400-den gowrak wekil, şol sanda Ýewropa bileleşiginiň ýurtlaryndan ABŞ, Birleşen Arap Emirliklerinden, Ýaponiýadan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Koreýa Respublikasyndan, Türkiýeden, Hindistandan, Pakistandan, Owganystandan, GDA döwletlerinden we beýlekilerden wekilçilikli toparlar geldiler. Olaryň hatarynda iri nebitgaz, hyzmat ediş we maslahat beriş kampaniýalaryň esasy menejerleri, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, abraýly halkara guramalaryň we maliýe düzümleriň diplomatik we ylym toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Berkarar myhmanhanasynda forumyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýere ýygnananlar Milli Liderimiziň kongrese gatnaşyjylara iberen gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Dünýäde uglewodorod serişdelerine baý döwletleriň biri bolan Türkmenistan özüniň tebigy baýlyklaryny türkmen halkynyň şunuň bilen birlikde sebit we dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar. Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän gaz kongresi ýurdumyzyň nebit-gaz senagatynyň kärhanalary bilen daşary ýurt kampaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam edýär. «Bu çäräniň ýurdumyzyň hünärmenleri üçin öz mümkinçiliklerini görkezmekde hem-de hyzmatdaşlary tapmakda ähli şertleri döretjekdigini ynanýaryn» diýip gutlagda aýdylýar. «Gaz-geljegiň ýangyjy « diýen at bilen geçen umumy mejlisiň çäklerinde türkmenistanyň ýangyç energetika toplumynyň düzümleýin bölümleriniň wekilleri mümkinçilige eýe bolan hyzmatdaşlary energetika strategiýasynyň möhüm ugurlary geljegi uly meýilnamalary bilen tanyşdyrdylar. 
Mälim bolşy ýaly 50 trillion kub metrden gowrak tebigy gazy bolan Türkmenistan ätiýaçlyk gory boýunça dünýäde 4-nji orny eýeleýär. Statistika habarlardaky maglumatlara görä, ýurdumyz tebigy gazy öndürmegiň möçberleri boýunça ýewropada GDA-da 3-nji orny eýeleýär. Ýene-de bir möhüm strategiki başlangyç TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygydyr. Mejlise gatnaşyjylara «Gury ýerdäki iri galkynyş» diýen ägirt uly gaz känini senagat taýdan enjamlaşdyrmagyň barşy barada habar berildi. Bu käniň meýdany 4000 inedördül kilometrden gowrakdyr. Geçirilen geologiýa senagat barlaglarynyň barşynda iki ölçegli we üç ölçegli seýsmiki usullar arkaly geçirilen barlaglardan alnan maglumatlara görä, netijeli karbonat gatlagynyň ortaça kuwwatlygy 500 metre, gaz gorunyň görkezijisi 84500 % barabardyr. Häzirki wagtda käniň ulanyş gaznasynda 40-dan gowrak guýylar bolup, olaryň hersi bir gije gündiziň dowamynda ortaça 2 mln kub metr gaza deňdir. Çykyş edenler şeýle-de energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk meselelerini nygtap geçdiler.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň