Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baýdagynyň günine bagyşlanyp dabara geçirildi

21:3419.05.2019
0
10609

Daşoguz welaýatyndada Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli dabaralar ir säherden başlandy. Daşoguz şäherindäki baş baýdak meýdançasynda döwlet senamyzyň owazy astynda, ýaşyl tugumyzyň ýokary galdyrylmagy dabaralaryň başyny başlady. Munuň özi baýramçylyk dabaralarynyň iň täsirli hem-de joşgunly pursatlarynyň biri boldy. Bu ýerde gutlag sözleri bilen çykyş eden adamlar mähriban Arkadagymyzyň baş tutanlygynda gazanylýan beýik ösüşler şanly seneleriň terbiýeçilige ähmiýeti ýurdumyzyň bütin dünýäde barha artýan abraýy barada buýsanç bilen gürrüň etdiler. Şu ýerde ýaýbaňlandyrylan medeni çykyşlar, şanly senelere aýratyn joşgun berdi. Sahna ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlarynyň her birinde, goşa mukaddesligimiziň waspy ýetirildi. Soňra bu ýerde baýramçylyk ýörişine badalga berildi, onuň her bir pursady ýokary ruhubelentlige beslendi. Ýaşyl tugumyzyň owadan hatarlary  ýörişe özboluşly gözellik berdi. Ýörüşe gatnaşyjylar şäheriň  gözelligine gözellik goşýan, ruhyýet köşgüniň öňündäki baýramçylyk meýdançasyna geldiler. Bu ýerde guralan “Baýdagynyň belentdir dünýäň öňünde “ diýlip atlandyrylan baýramçylyk çäresine Daşoguz welaýat, şäher häkimlikleri, Zenanlar guramasynyň welaýat bölümi, Demokratik we Agrar Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň welaýat komitetleri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi, Baş beden saglygy goraýyş we Medeniýet müdürlikleri bilelikde taýýarladylar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we döwlet Baýdagynyň şanyna tutulan baýramçylyk dabarasynda bagtyýar raýatlarymyz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan beýik  ösüşler il-agzybirligi ýurt asudalygy barada  buýsanç bilen gürrüň etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň