Türkmenistanyň futbol ýygyndysy horwatiýaly hünärmen Ante Mişeniň ýolbaşçylygynda ilkinji türgenleşiklere başlady

14:0008.05.2019
0
14974

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek futbol çempionatynyň taýýarlyk işlerine başlady.

Milli ýygyndy täze baş tälimçisi horwatiýaly Ante Mişeniň hem-de ildeşi, derwezeçileriň tälimçisi  Sandro Tomiçiň ýolbaşçylygyndaky ilkinji türgenleşik ýygnanyşygyny geçirdi. Ýygyndy toparymyzyň ilkinji ýygnanyşygy paýtagtymyzdaky “Nisa” stadionynda geçirildi. Horwatiýaly tälimçi birinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna milli ligamyzyň oýunçylarynyň 27-sini çagyrypdyr - diýip, TFF habar berýär.

Tanyşdyrylyş äheňinde geçirilen türgenleşik işleri bir sagatdan gowrak dowam etdi. Onuň dowamynda esasy üns meýdandaky taktiki gurluşda jemlendi.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň ilkinji türgenleşik ýygnanyşygyna çagyrylan oýunçylaryň

SANAWY:

Familiýasy, ady

Orazmuhammedow Mämmet – FK “Altyn Asyr”

Babaýew Batyr – FK “Ahal”

Söýunow Şöhrat – FK “Ahal”

Annaorazow Serdar – FK “Ahal”

Batyrow Gurbangeldi – FK “Altyn Asyr”

Babajanow Zafar – FK “Altyn Asyr”

Saparow Mekan – FK “Altyn Asyr”

Orazalyýew Döwran – FK “Ahal”

Annagulyýew Güýçmyrat – FK “Aşgabat”

Aşyrow Gurbanguly – FK “Ahal”

Ataýew Ahmet

Geldiýew Serdar – FK “Altyn Asyr”

Hojaýew Resul – FK “Altyn Asyr”

Annadurdyýew Altymyrat – FK “Altyn Asyr”

Gurbanow Merdan – FK “Ahal”

Saparmämmedow Yhlas – FK “Ahal”

Ýakşiýew Murat – FK “Altyn Asyr”

Aşyrow Mekan – FK “Altyn Asyr”

Ylýasow Wezirgeldi – FK “Ahal”

Durdyýew Didar – FK “Ahal”

Gürgenow Bagtyýar – FK “Altyn Asyr”

Beknazarow Mirza – FK “Ahal”

Bäşimow Abdy – FK “Ahal”

Sultanow Pirmyrat – FK “Ahal”

Diniýew Meýlis – FK “Köpetdag”

Japarow Rahat – FK “Köpetdag”

Seýitmuhammedow Döwletmyrat – FK “Köpetdag”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň