Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Kärdeşler arkalaşayklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

22:1701.05.2019
0
5423

1-nji maýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygynyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistanyň Kärdeşler arkalaşyklary Federasiýasynyň başlygynyň orunbasary Ýarkun Faýzullaýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň aprel aýynda Özbegistan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde gol çekilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Özbegistanyň Kärdeşler arkalaşyklary Federasiýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamandan gelip çykýan ugurlarynyň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň