Amir Gurbany Kambojanyň çempionatynda toparyna ýeňiş getirdi

21:3422.04.2019
0
8963

Suratda: Amir Gurbany "Nagaworldyň" düzüminde 87 belgili köýnekçede

Türkmenistanly futbolçy Kamboja Patyşalygynyň futbol çempionatyndaky üstünlikli oýnuny dowam etdirýär. Biziň ildeşimiz ýerli çempionatyň nobatdaky tapgyrynda-da topary "Nagaworldyň" ýeňşine uly goşant goşdy. Duşuşykda Amir Gurbanynyň topary "Soltilo Angkory" 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 45-nji minutda türkmenistanly ýarym goragçy geçirdi. Häzir Pnopen şäheriniň topary 9 utuk bilen çempionatda dördünji orny eýeleýär diýip, "Nagaworld" futbol klubynyň metbugat gullugy habar berýär. 

Turkmenportalyň okyjylarynyň ses bermeginde 2017-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ygalne edilen ýary goragçy şu ýylyň ýanwaryndan bäri "Nagaworldda" futbol oýnaýar. Onuň topary AFK-nyň kubogy - 2019-yň hem "F" toparçasynda ýaryşýar.

31 ýaşly futbolçy mundan ozal Maldiw adalarynyň "Nýu-Radiant", Gyrgyz Respublikasynyň "Dordoý", ýurdumyzyň "Ahal", "Köpetdag", "Nebitçi", "Altyn asyr", "Şagadam" we HTTU toparlarynda futbol oýnapdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň