Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň telekeçileri IT tehnologiýalaryna ýöriteleşýän “Blacksparc” ysraýyl kompaniýasynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdiler

15:0922.04.2019
0
13938

20-nji aprelde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde IT tehnologiýalary çygrynda ýöriteleşýän “Blacksparc” ysraýyl kompaniýasynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Sanly ulgamlary dürli pudaklarda ulanmaklyk bilen bagly derwaýys meseleler sanly wideoaragatnaşyga gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. Ysraýyl kompaniýasynyň wekilleri özleriniň mümkinçilikleriniň hem-de hyzmatdaş kompaniýalarynyň “akylly şäher” we “sanly döwlet” ýaly ulgamlary ulanyşa girizmek boýunça mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyşyny geçirdiler. Esasan hem, sanly tehnologiýalary bank işinde, saglygy goraýyşda, uzak aralykdaky bilimde, mobil operatorlarynyň işinde we harytlaryň aýratyn görnüşleriniň belgilenilmeginde ulanylmagynyň ugurlary gözden geçirildi.

Hyzmatdaşlygyň geljegi bolan ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşmasyna TSTB-niň müdiriýetiniň agzalary, ýolbaşçylary we maglumat-kommunikasiýa bölüminiň agzalary, “Akylly tilsimat”, “Imdat elektronika” , “Intek” HJ-leri, şeýle hem, Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasynyň başlygy gatnaşdylar, olar ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça özleriniň alyp barýan işleri hakynda gürrüň berdiler.

Wideoaragatnaşyga gatnaşyjylar tejribe alyşmaga hem-de özara bähbitli işewür gatnaşyklaryna gyzyklanma bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň