Soňky habarlar

Arhiw

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

15:2619.04.2019
0
14971

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Hokkeý federasiýasynyň bilelikde guramagynda hokkeý boýunça ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Oňa hokkeý toparlarynyň 10-a golaýy gatnaşyp, toparlara bölünip bäsleşdiler - diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyş sport merkezinde çempionata gatnaşyjy toparlaryň arasynda guralan duşuşyklar çekeleşikli geçdi. Şeýlelikde,  Içeri işler ministrliginiň «Galkan» hokkeý topary birinji orny eýeläp, ýurdumyzyň çempiony bolmagy başardy. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli «Şir» hokkeý topary çempionatda ikinji orny, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň «Watançy» hokkeý topary üçünji orny eýelemegi başardy.

Häzirki  wagtda hokkeý boýunça milli ýygyndymyzyňtürgenleri şu ýylyň 22 — 28-nji apreli aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Sofiýa şäherinde bolup, ol ýerde geçirilýän Dünýä çempionatynyň III diwizionyna gatnaşar. Şu günler olar bu çempionata ýokary derejede taýýarlyk görýärler. Ýygyndymyz dünýä çempionatynyň III diwizionynda esasy Lýuksemburgyň, Türkiýäniň, Günorta Afrikanyň, Taýpeýiň, şeýle-de ýer eýeleri bolan Bolgariýanyň milli ýygyndylary bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň