Surat: championat.asia
Şu gün türkmenistanly ýarym goragçy Arslanmyrat Amanow Daşkentiň "Lokomotiwiniň" myhmançylykda Buhara şäheriniň adybir toparyny 2:0 hasaby bilen ýeňmegine kömek etdi. Bu duşuşyk Özbegistanyň çempionatynyň 5-nji tapgyrynda geçirildi. Duşuşygyň netijesi barada championat.asia saýty habar berýär.
Esasy düzümde meýdana çykan ildeşimiz 15-nji minutda ozalky toparynyň derwezeçisiniň ýalňyşlyygyndan peýdalanyp, hasaby açdy. Duşuşykdaky ikinji pökgini bolsa 29-njy minutda Temurhoja Abduholikow geçirdi. Duşuşyk şu hasap bilen tamamlandy.
Geçen möwsümde "Buharada" çykyş eden Arslanmyrat Amanowyň 29 duşuşykda 5 pökgi geçirendigini ýatladýarys.