Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde aeroportyň gurluşygyna taýýarlyk işleri tamamlanyp barýar. Döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň gündogar sebitinde täze aeroporty gurmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, raýat awiasiýasy düzüminiň gurluşygynda baý tejribe toplan «Gündogdy» hususy kärhanasyna tabşyryldy. Kompaniýanyň amal eden iri taslamalarynyň biri hem Türkmenabatdaky Halkara aeroportunyň gurluşygydyr.
«Gündogdy» HK sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen Kerki aeroportynyň gurluşygyna şu ýylyň maý aýynda başlamagy göz öňünde tutýar. Aeroport 200 gektar meýdany tutar. Binanyň düzüminde wajyp ulag merkeziniň ähli bölümleriniň üznüksiz we netijeli işlemegini, ýolagçylara ýokary medeniýetli hyzmat etmegi, işgärlere zerur iş şertlerini üpjün etjek binalar toplumy bolar.
Uçuş zolagynyň uzynlygy 2 müň 700 metre, ini – 60 metre barabardyr. Ýolagçylar terminaly 1730 inedördül metr meýdany tutýar. Täze aeroport bu ugurdan enjamlary öndürýän dünýä belli kompaniýalaryň döwrebap enjamlary we esbaplary bilen üpjün ediler.
Aerodrom toplumynyň düzüminde abatlaýyş-tehniki, ýangyç guýujy gulluklar, ýangyna garşy göreş bölümi, ammarlar, ýükleri işleýän bölümler bolar. Raýat awiasiýasynyň täze binasyny 2021-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
Soňky habarlar
Arhiw
Maý aýynda Kerki howa menziliniň gurluşygyna badalga berler
10:5812.04.2019
0
51435
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň