Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlar geçirildi

20:1331.03.2019
0
3803

Şu gün ýurdumyzda aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlar geçirildi.

Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň bir ornuna syýasy partiýalardan we raýatlar toparlaryndan birnäçe dalaşgärler bellige alyndy. Şeýlelikde, bu günki saýlawlar, ozalkylar ýaly, giň bäsdeşlik esasynda, demokratik we aýdyňlyk ýörelgelerinde geçdi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw okruglarynyň çäklerinde bar bolan saýlaw uçastoklarynyň hemmesi ses bermek üçin bellenilen wagtda gapylaryny açdy. Olaryň Aşgabat şäherinde 14-si, Ahal welaýatynda 50-si, Balkan welaýatynda 10-sy, Daşoguz welaýatynda 49-sy, Lebap welaýatynda 41-si, Mary welaýatynda bolsa 58-si hereket etdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçirilýän saýlawlar boýunça Daşoguz welaýatynyň 54-nji «Baýdak» saýlaw okrugy, Mary welaýatynyň 106-njy «Wekil» saýlaw okrugy, 109-njy «Sakarçäge» saýlaw okrugy boýunça ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň 80 müň 230-sy bellige alyndy.

Ähli saýlaw uçastoklary tarapyndan welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça ses beren 50 müň 713 etrap, şäher halk maslahatlary boýunça 44 müň 93 hem-de geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 33 müň 312 saýlawçy bellige alyndy.

Saýlawlaryň barşyna synçylygy ähli saýlaw uçastoklarynda milli synçylar amala aşyrdylar. Olaryň baha bermegine görä, saýlawlar bäsdeşlik we demokratik esaslarda, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga we halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyklykda geçdi.

Şu gezekki saýlawlaryň häsiýetli aýratynlygy olaryň käbir saýlaw uçastoklaryndan onlaýn-alyp görkezmek usuly arkaly geçirilmeginde jemlendi. Islendik adam amatly nawigasiýa arkaly Merkezi saýlaw toparynyň internet-saýtynda ses bermegiň barşyna syn etmek mümkinçiligine eýe boldy.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan wagtyna, ýagny, sagat 19:00-a çenli Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna 91,12 göterim saýlawçy, welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna saýlawçylaryň 90,86 göterimi, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna 90,71 göterimi hem-de geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna 90,90 göterimi gatnaşdy.

Merkezi saýlaw toparynyň beren maglumatyna laýyklykda, saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi.

Saýlaw uçastoklarynyň ýapylmagy bilen ses sanamak işi başlandy. Saýlaw kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda, saýlawlaryň netijeleri ýakyn wagtda aýan ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň