Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklady

21:4529.03.2019
0
4015

29-njjy martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer  M.Çakyýew türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler hakynda hasabat bermek bilen, milli Liderimiziň garamagyna «Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky» Kararyň taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz bar bolan köpugurly mümkinçilikleri hasaba almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada aýdyp, ygtybarly kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň türkmen-türk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin ygtybarly esas bolup, köp ugurlary öz içine alýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine, söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna we giňeldilmegine işewürlik gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, maýa goýum işiniň höweslendirilmegine ýardam berýän Hökümetara toparyň işine uly ornuň degişlidigini nygtap, hödürlenilen resminama gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň