Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň futbol we futzal ýygyndylarynyň tälimçileriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

17:0727.03.2019
0
12963
Aşgabatda Türkmenistanyň futbol we futzal ýygyndylarynyň tälimçileriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Şu gün Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň maslahat zalynda Türkmenistanyň futbol we futzal boýunça milli ýygyndylarynyň täze tälimçileriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Futbol federasiýasynyň, sport jemgyýetçiliginiň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Zagreb şäherine iş saparynyň çäklerinde türkmen futbolyny we futzalyny mundan beýläk hem ösdürmek maksady bilen, tälimçileriň üçüsi bilen ylalaşyga gelindi. Şol ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysyna horwatiýaly hünärmen Ante Mişe tälim berer. Milli ýygyndymyzyň derwezeçilerini bolsa onuň kömekçisi Sandro Tomiç türgenleşdirer. Horwat we dünýä futzalynyň ady rowaýata öwrülen wekilleriniň biri Robert Grdowiçe bolsa ýurdumyzyň futzal ýygyndysyny türgenleşdirmek ynanyldy. Tälimçileriň üçüsi bilen hem, häzirlikçe, bir ýyllyk şertnama baglaşyldy.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda horwatiýaly hünärmenler özleriniň maksatlary barada gürrüň berdiler. Olaryň ýurdumyzyň futbol we futzal ýygyndylarynyň taýýarlyk derejesini we halkara ýaryşlarda gazanýan netijelerini, şol sanda Türkmenistanyň milli çempionatynyň hilini ýokarlandyrmak baradaky maksatnamalaýyn gürrüňleri hem täsirli boldy.

Futbol ýygyndymyzyň baş tälimçisiniň aýtmagyna görä, Türkmenistandan gelen çakylyk onuň üçin juda uly we jogapkärli çakylykdyr. Ol özüne bildirilen ynam üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. Ol BAE-de geçirilen Aziýa kubogynda türkmen futbolçylarynyň geçiren duşuşyklarynyň ýazgysyna tomaşa edip, milli ýygyndymyzyň umumy derejesi barada belli bir derejede maglumat edindi. Onuň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler düzüminiň öňündäki esasy maksat milli ýygyndynyň derejesini mundan beýläk hem ýokary galdyrmakdyr.

Ante Mişe öz çykyşynda Aşgabatdaky stadionlaryň ýagdaýyna-da ünsi çekdi. Onuň aýtmagyna görä, duşuşyklaryň tebigy otly meýdanlarda köprak geçirilmegi çempionatyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna täsirini ýetirip biler. Şeýle hem ol ýurdumyzyň çempionatynyň ikinji dwiziony bilen hem gyzyklandy. Onuň pikirine görä, milli ýygynda futbolçylary saýlap almak üçin diňe bir iň ýokarky dwiziona edilen gözegçilik ýeterlik däldir. Aşaky ligalardan hem geljekki futbol ýyldyzlarynyň ilkinji uçgunlaryny görüp bolar.

Onuň kömekçisi Sandro Tomiç hem bu çakylygyň özi üçin belent mertebedigini aýtdy. Bu iş onuň tälimçilik eden ýyllaryndaky iň jogapkärli wezipeleriň biri.

“Meniň pikirimçe, professional futbolçy agressiw we dartgynly futboldan hem başçykarmaly” diýip, horwatiýaly hünärmen esasy ünsi türkmen futbolçylarynyň meýdandaky ýagdaýyna gönükdirdi. Milli ýygyndymyzyň Aziýa kubogy ― 2019-daky oýunlaryndan çen tutan hünärmen, öz çykyşynda biziň futbolçylarymyzyň üstünlikli we heniz bärden gaýdýan taraplaryna hem ünsi çekdi. Üstün taraplary has ösdürip, kemçilikleri ýok edip bolar, munuň üçin ýadawsyz zähmet zerur. Baş tälimçiniň aýdyşy ýaly, ilki iň mynasyp oýunçylary saýlamak gerek. Islendik oýunçy irginsiz türgenleşik bilen milli ýygyndyda çykyş etmäge hukuk gazanyp biler.

Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň baş tälimçisi Robert Grdowiç öz gezeginde öňlerinde ýeňilbolmadyk maksadyň durandygyny aýtdy. 2020-nji ýylda Aşgabatda futbol boýunça Aziýa çempionaty geçiriler. Ýerli ýygyndynyň yklym ýaryşyna iň ýokary derejede taýýarlanmagy gerek. Tälimçiniň aýdyşy ýaly, milli ýygyndymyz öz paýtagtymyzda geçirilýän yklym ýaryşynyň, iň bolmanda, ýarym finalyna çykmagy öňünde maksat edinip goýar. Häzir ol Türkmenbaşy şäherine gidip, ýurdumyzyň çempionatynyň duşuşyklaryna tomaşa etmegi meýilleşdirýär. Ýöne eýýäm Aşgabatda ýerli toparlaryň birnäçesiniň türgenleşigine gatnaşan hünärmen türkmen futzalçylarynda uly ukyp görýär. Şol bir wagtda 20 ýaşa çenli we beýleki ýaş derejelerindäki türgenleriň özara ýaryşlaryny hem güýçlendirmeli. Sözüniň soňunda Aşgabadyň sport mümkinçiliklerine ýokary baha beren hünärmen, olaryň jadylaýjy täsiriniň bardygyny we akylyňy haýran edýändigini aýtdy.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda horwatiýaly hünärmenler Türkmenistanyň milli ýygyndylary bilen işleşmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň