Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan — Ýaponiýa: dostluk gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

21:5426.03.2019
0
6466

Şu günler Türkmenistanyň Mejlisiniň türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýada bolýar.
Saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekiller palatasynyň başlygy jenap Tadomori Oşima bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyny ýerine ýetirip, wekiliýetimiziň agzalary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary, şol sanda syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary babatda türkmen tarapynyň pikirini beýan etdiler.
Taraplar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerinde guralýan döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.
Türkmenistan we Ýaponiýa dostluk gatnaşyklarynyň däplerine ygrarlydyklaryny, uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga çalyşýandyklaryny görkezdiler. Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» gatnaşyklarynyň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýär. Şol gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýe boldy.
Şeýle hem Türkmenistanda yklym ähmiýetli ulag-üstaşyr merkeziň döredilmegi bilen baglylykda, logistika ulgamynda gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine garaldy. Şol merkez «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça Aziýany hem-de Ýewropany baglanyşdyrmalydyr.
Duşuşygyň barşynda oba hojalygynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň uly geljegi bilen baglanyşykly mesele barada durlup geçildi. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan özgertmeleri, oba hojalyk pudagyny dolandyrmagyň we düzümleýin özgertmegiň döwrebaplaşdyrylmagy, ýer-suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy, daşky gurşawyň goralmagy babatda örän wajypdyr.
Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny 2020-nji ýylda Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlamak babatda sport ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga aýratyn üns berildi.
Mundan başga-da, parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, iki ýurduň parlamentarileriniň parlamentara dostluk toparlarynyň çäklerinde geçirilýän duşuşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.
Ýaponiýanyň alymlarynyň öňdebaryjy ylmy gazananlary bilen tanyşmak maksadynda türkmen wekiliýeti Odaýba adasynda ýerleşýän «Miraýkan — geljegiň dünýäsi» muzeýine baryp gördi. Bu muzeý Ýaponiýanyň öňdebaryjy ylmynyň we tehnologiýasynyň milli muzeýi bolup durýar.
Bellenilişi ýaly, dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin täze sepgitler ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalary, milli ykdysadyýeti düýpli döwrebaplaşdyrmak we senagatlaşdyrmak ugry, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen şertlendirilendir.
Şeýle hem wekiliýetiň agzalary «Ariake Water Reclamation» suw arassalaýyş merkezine bardylar. Bu merkez suwy arassalamagyň özbaşyna aýratyn ulgamy bolup durýar. Wekiliýetiň agzalary bu ýokary tehnologik merkeziň suw serişdelerini rejeli we aýawly ulanmak babatda işiniň tejribesini öwrendiler. Bu ulgamda halkara gatnaşyklar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Suw diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň