Soňky habarlar

Arhiw

Bahreýniň Patyşasy Türkmenistanyň "Bitaraplyk" ordeni bilen sylaglanyldy

14:3718.03.2019
0
6622

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-bahreýn gepleşiklerine gatnaşyjylara hem-de belent mertebeli myhmana ýüzlenip, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny we alyp barýan daşary syýasatyny hemişe goldaýandygy, şeýle hem biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandy üçin Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifany «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy.

Biziň ýurdumyz geljekde hem Bahreýn Patyşalygy bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňelder diýip, hormatly Prezidentimiz döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, belent mertebeli myhmany mähirli gutlap, oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny, Bahreýniň doganlyk halkynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Bahreýniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda milli Liderimiz Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifa Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagyny — «Bitaraplyk» ordenini gowşurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň