Arhiw

Awazada «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly ýedinji okuw maslahaty öz işine başlady

23:4804.03.2019
0
4457

4-nji martda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly ýedinji okuw maslahaty öz işine başlady. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça geçirilýän bu çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşy hasaplanylýan Halkara ummanlar instituty çykyş etdiler.

Hazar deňzi bilen işleri baglanyşykly bolan Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekilleri okuw maslahatynyň diňleýjileri boldular.

Halkara ummanlar institutynyň Günbatar — Ýuwaş umman sebitiniň merkeziniň (Hytaý Halk Respublikasy) wekilleri hem okuw maslahatyna gatnaşyjylar hökmünde çagyryldylar.

Awaza okuw maslahatyna, mundan ozalky ýyllardaky ýaly, Hazarýaka döwletleriň nebit-gaz toplumynyň, daşary syýasat edaralarynyň, tebigaty goraýyş guramalarynyň, ulag ulgamynyň, balyk awlaýjy edaralaryň, gidrometeorologiýa gulluklaryň we beýleki ulgamlaryň işgärleri gatnaşdylar.

Halkara ummanlar institutynyň ýolbaşçysy Antonella Bassallo we geografiýa ylymlarynyň doktory, ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiki toparynyň ýerine ýetiriji sekretarynyň geňeşçisi Ýuriý Olýuniň bu okuw maslahatynyň hormatly myhmanlary boldular.

Häzirki okuw maslahaty ummany dolandyryş düzümi, suw serişdelerinden durnukly dolandyrmak üçin maliýe gurallary, umman bilen aragatnaşyklary dolandyryş gurallary we Hazar deňzini dolandyryş ýaly dört ugurdan ybaratdyr.

Okuw maslahatynyň barşynda diňleýjiler alan bilimleriniň esasynda tanyşdyryş gurap, onda hyzmatdaşlygyň öňe sürülýän ugurlaryny saýlap alarlar. Okuwa gatnaşyjylar daşky gurşawy goramak boýunça BMG tarapyndan döredilen Ählumumy ekologiýa gaznasy bilen tanyşdyrylar. Olar şeýle hem serhetüsti suw serişdelerine baha bermegiň usullary we ählumumy ekologiýa gaznasynyň serişdelerini peýdalanmagyň ýollary bilen tanyşdyrylar. Türkmenistanyň bilermenleri Ählumumy ekologiýa gaznasynyň taslamalaryny durmuşa geçirmekdäki öz tejribelerini paýlaşarlar.

Okuw maslahaty Türkmenistanda 2013-nji ýyldan bäri her ýylda geçirilýär. Şu döwrüň içinde 115 adam bu okuwda okady.

«Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw maslahatynyň çäklerinde diňleýjilere medeni maksatnama we Hazar goraghanasyna baryp görmek teklip ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň