Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda “Ýylyň mugallymy - 2024” saýlandy

11:2203.05.2024
0
13596

Aşgabatda her ýyl geçirilýän “Ýylyň mugallymy - 2024” pedagogiki ýaryşyň jemi jemlendi. "Neýtralnyý Turkmenistan" gazetiniň habaryna görä, Daşoguz şäherindäki 29-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Jennet Annamämmedowa bäsleşigiň ýeňijisi boldy.

Ýaryşyň jemleýji tapgyryna ýurduň ähli sebitlerinden iň gowy mugallymlar gatnaşdy. Jennet Annamämmedowa açyk sapaklarda we okuwdan daşary çärelerde ýokary hünär derejesini görkezdi.
“Ýylyň terbiýeçisi - 2024” ady Aşgabatdaky 103-nji çagalar bagyndan Güljahan Kuliýewa berildi. Ol mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim bermekde öňdebaryjy usullary ulanmak bilen tapawutlandy.

Sylaglanyş dabarasynda ýeňijilere Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşikler ýurtda sanly bilim ulgamyny ösdürmek we daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek boýunça degişli konsepsiýalary durmuşa geçirmegiň çäginde geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň