Arhiw

Türkmenistan täze benzin saklaýjy çelekleri we degişli enjamlary satyn alar

14:3203.03.2019
0
1393

1-nji martda sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Meredow döwlet Baştutanyna «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin bölümlerinde amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň haryt-çig mal binýadynyň has-da giňeldilmegini esasy ugur edinýän kararyň taslamasy hödürlenildi. Bellenilişi ýaly, şu maksat bilen Kenar kärhanasynda benzin we dizel ýangyjyny saklamak hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň Kerki şäherindäki nebit ammarynda benzin saklamak üçin dürli ölçegli polat çelekleri we degişli enjamlary satyn almak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryň önümçilik düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi ýurdumyzda we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümleriň mukdarynyň artdyrylmagyny üpjün eder.
Milli Liderimiz hödürlenen karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy boýunça wise-premýere ugratdy we ondan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň