Soňky habarlar

Arhiw

“Köpetdag” düzümini güýçlendirýär

11:4702.03.2019
0
9982

Geçen möwsüm Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolan paýtagtymyzyň “Köpetdagy”  Türkmenistanyň futbol çempionatynyň öňüsyrasy düzümine milli ligamyzyň oýunçylarynyň birnäçesini goşdy.
Geçen möwsüm “Ahalda” çykyş eden tejribeli hüjümçi Nurýagdy Muhammedow öňümizdäki möwsümden başlap “Köpetdagyň” düzüminde çykyş eder. Şeýle-de, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparynyň düzümine Ybraýym Nyýazberdiýew bilen “Energetigiň” oýunçysy Baýramgeldi Gulmaýew goşuldylar.
Geçen möwsüm “Köpetdagda” çykyş eden Pirmyrat Sultanowyň karýerasyny “Ahalda” dowam edýändigini ýatladýarys.
“Köpetdagyň” geçen möwsüm ýurdumyzyň çempionatynda 6-njy orny eýeländigini ýatladýarys. Paýtagtymyzyň topary geçiren 28 duşuşygynda 27 utuk toplamagy başardy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň