Soňky habarlar

Arhiw

Telekeçiler Türkmenistanda weterinar merkeziniň döredilmegini goldamak başlangyjyny beýan etdiler

22:3120.02.2019
1
5466

15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminiň wekilleri bilen geçiren iş maslahatynda döwletiň howandarlygynda ýöriteleşdirilen merkezi weterinariýa hassahanany döretmek hakynda teklibini aýtdy. Milli Liderimiziň başlangyjyny ykdysady we durmuş maksatnamalarynda döwletimiziň işjeň hyzmatdaşy bolup durýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi goldady.
Bu ynsanperwer taslamany durmuşa geçirmekden çetde galasy gelmedik höwesjeň raýatlar hem seslendiler. Olar üçin «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky 23205934173865610135000 belgili ýörite hasaplaşyk hasabyny açdy. Şol hasaba geljekki merkeziň gaznasyna serişdeleri diňe bir işewürler däl, eýsem-de, her bir isleg bildiren adam umumy asylly işe, az bolsa-da, öz goşandyny goşup biler.
Türkmenistanyň Hökümeti idegsiz haýwanlaryň saklanylmagy üçin ýer göz öňünde tutulan weterinar merkezini gurmak boýunça hemme çykdajylary öz üstüne aldy. Haýyr-sahawat edip, adamlaryň beren serişdeleri bolsa jemgyýetçilik goldawynyň we raýdaşlygyň alamaty hökmünde merkeziň işine ýarar.
Ähmiýetli durmuş taslamasy haýwanat dünýäsine bolan gatnaşygyň medeniýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilip, öý haýwanlaryna ideg etmegiň kadalaryny, olaryň eýeleriniň jogapkärçiligini, zerur bolan hemme sanitar talaplarynyň berjaý edilmegi bilen hökman sanjym edilmegini, idegsiz pişikleriň we itleriň arassaçylygynyň saklanylmagyny hem öz içine alýar. Geljekde olary elektron hasabyna goýmak babatda hem degişli işleri alyp barmak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň