Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

16:0317.02.2019
0
5350

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinden soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýerler G.Myradowyň we E.Orazgeldiýewiň, şeýle hem obasenagat toplumynyň täze düzümleriniň ýolbaşçylarynyň — oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewiň hem-de Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Ýazmyradowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň dowamynda ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Maslahatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow orta möhletli maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan anyk çäreler hem-de täze döredilen pudaklaryň häzirki ýagdaýy we olaryň maliýe işleri, wise-premýer E.Orazgeldiýew obasenagat toplumynda täze döredilen pudaklaryň işiniň guramaçylyk meseleleri boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkynyň öý haýwanlaryna hemişe üns-alada bilen garandygyny belläp, ýöriteleşdirilen merkezi weterinariýa hassahanasynyň işini guramak we ony döwlet gözegçiliginde saklamak baradaky teklibi öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, bu düzümde asylly işe goşant goşmaga isleg bildirýän telekeçiler, giň jemgyýetçilik wekilleri, şol sanda bu ugra degişli meýletin ýardamçylar — jandarlary goraýjylar üçin zerur mümkinçilikler döredilmelidir.
Döwlet Baştutany hassahananyň ýerleşjek ýerlerini kesgitlemäge hem-de bu merkeziň düzüminde idegsiz galan öý haýwanlary üçin döwrebap binanyň döredilmelidigine ünsi çekdi. Idegsiz galan öý haýwanlary üçin guralan bu gonalgadan ýaşaýan ýerlerini üýtgeden hem-de öz itlerini ýa-da pişiklerini öýünde saklamaga mümkinçiligi bolmadyk adamlar, şeýle hem zähmet rugsadyna ýa-da iş saparyna gidýän adamlar hem peýdalanyp bilerler, şol döwürde itlere we pişiklere kimdir biri ideg etmeli bolar.
Käbir adamlar emele gelen ýagdaýlara — syrkawlamagy ýa-da gartaşmagy sebäpli, öý jandarlaryna ideg edip bilmeýän halatlarynda öz öý jandarlaryny bu ýere tabşyryp hem-de mümkinçiliklerine görä aram-aram olary görüp bilerler.
Bularyň ählisi jandarlaryň saklanylýan ýerinde göwnejaý şertleriň döredilmegini talap edýär. Bu şertler diňe bir öý haýwanlary üçin amatly ýagdaýlar däl-de, degişli işgärleriň olara bolan gatnaşygyny öz içine alýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Öý haýwanlarynyň saklanylýan ýerlerini häzirki döwürde bu babatda dünýäde bar bolan häzirki zaman ölçeglerine laýyklykda gurnamak, ösen ýurtlarda bu ugurda toplanylan iň gowy tejribeleri öwrenmek hem-de ornaşdyrmak zerurdyr.
Bu merkez şeýle hem öý haýwanlaryny gelip görmek, olar bilen gezim etmek, belki-de, öýünde saklamak üçin almak isleýänleriň ählisi üçin açyk bolmalydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň