14-nji fewralda Aşgabatda, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Duşuşyga gatnaşmak üçin Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ýokarda agzalan guramalaryň we degişli düzümleriň ýolbaşçylary çagyryldy.
Milletiň Lideri ýygnananlaryň öňünde maksatnamalaýyn söz sözläp, biziň ýolumyzyň döretmek ýoludygyny nygtady. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu duşuşykda eden çykyşy Turkmenportalyň aýratyn habarynda dolulygyna getirilýär.
Soňra milli Liderimiz duşuşyga gatnaşyjylara söz berdi. Duşuşykda Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Ataýewa hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň wekilleri we medeniýet işgärleri bilen şu günki duşuşygynyň milli Liderimiziň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda öňde goýan möhüm wezipelerini çözmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.
Soňra Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy S.Babaýewe söz berildi. Ol «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljak duşuşyga gatnaşýandygyna tüýs ýürekden buýsanýandygyny belledi.
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalarynyň adyndan çykyş eden hormatly Prezidentimize asuda hem-de bagtly durmuş, döwletimiziň we jemgyýetimiziň okgunly ösmegini üpjün edýän giň gerimli özgertmeler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Soňra Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy S.Owganowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga, eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna gönükdirilen giň möçberli milli maksatnamalaryň amala aşyrylýandygyny belledi. Gysga döwrüň içinde ägirt uly işler ýerine ýetirildi, şonuň netijesinde ýurdumyz öň görlüp-eşidilmedik derejede ösüşe eýe boldy, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulandy.
S.Owganow şu gün hormatly Prezidentimiziň çykyşynda beýan edilen gymmatly maslahatlar hem-de oňyn teklipler üçin hoşallyk bildirip, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalarynyň öz öňlerinde goýlan wezipeleri — maýa goýumlaryny çekmek, önümçilige innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, milli ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek baradaky wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.
Soňra Agrar partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygy B.Annagurbanow çykyş etdi. Ol «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçýän 2019-njy ýylyň ýurdumyzda täze ýeňişlere we üstünliklere beslenjekdigine ynam bildirip, häzirki duşuşygyň taryhy ähmiýetini belledi. Bu duşuşykda döwlet Baştutanymyz çuň manyly maksatnamalaýyn çykyşynda syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde täze möhüm wezipeleri goýdy.
Syýasy partiýalaryň agzalary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri bilen bolan duşuşykda döwlet Baştutanymyzyň eden şu günki çykyşy biziň partiýamyzyň agzalaryny öňküden has-da ruhlandyrdy we jebisleşdirdi diýip, B.Annagurbanow ýurdumyzyň oba hojalyk işgärleriniň milli Liderimiziň alyp barýan syýasatyny hem-de ata Watanymyzyň röwşen geljegine gönükdirilen beýik başlangyçlaryny amala aşyrmaga mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam berjekdiklerine hormatly Prezidentimizi ynandyrdy.
Soňra ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarowa söz berildi. Ol şygary «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» bolan 2019-njy ýylyň başynda döwlet Baştutanymyz bilen geçýän hem-de Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm wezipelerine bagyşlanan duşuşygyň bu ýere ýygnananlaryň ählisinde ägirt uly buýsanç we alnyp barylmaly işler üçin ýokary jogapkärçilik duýgularyny döredýändigini belledi.
Çykyş eden Demokratik partiýanyň hem-de beýleki iri jemgyýetçilik guramalarynyň agzalarynyň adyndan bildirilen ýokary ynam, degişli işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramak boýunça beren hemmetaraplaýyn ýardamy hem-de gymmatly maslahatlary üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňky habarlar
Arhiw
Türkmenistanyň Prezidenti jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşdy
23:4714.02.2019
0
7352
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň