Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň daşary işler ministri Tunis döwletinde gulluk iş saparynda bolar

20:5707.02.2019
0
5834

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Tunis Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin 2019-njy ýylyň 7 — 9-njy fewraly aralygynda Tunis Respublikasynyň Tunis şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
Göz öňünde tutulan duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Tunis Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmagy meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň