Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti senagat we kommunikasiýa ministrini wezipä belledi

23:2701.02.2019
0
9589

1-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti T.Ç.Dürhanow hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Tahyrberdi Çaryberdiýewiç Dürhanow Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa ministri wezipesine bellenildi.
Senagat we kommunikasiýa ministrligi ýurtda iň ýaş ministrlikleriň biridir. Köp sanly agentlikleri we ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetlerini öz içine alýan ministrlik Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen, giňişleýin Hökümet mejlisinden birnäçe gün ozal döredildi. Döwlet Baştutany wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda bu pudaklara gözegçilik edýän wise-premýere ministriň wezipesine mynasyp hünärmeni teklip etmegi tabşyrypdy. Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hödürlenen teklip döwlet Baştutany tarapyndan oňlanylyp, T.Dürhanow Türkmenistanyň taryhynda ilkinji senagat we kommunikasiýa minisrti boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň