Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Milli önümleriniň haryt dolanyşygyny öwreniş instituty Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine birleşdirildi

23:5429.01.2019
0
3016

Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleriniň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, daşary söwdanyň ýagdaýyny we ösüş ugurlaryny hem-de içerki sarp ediş bazarynda harytlaryň nyrhlaryny öwrenmek we seljermek, ýurdumyzda öndürilýän eksporta niýetlenen önümleriň görnüşlerini artdyrmak, şeýle hem Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Milli önümleriniň haryt dolanyşygyny öwreniş instituty Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine birleşdirildi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Ministrlige birleşen Milli önümleriniň haryt dolanyşygyny öwreniş institutynyň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň