Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

11:1322.01.2019
0
3414

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň öňde duran wezipelerini çözmäge degişli meselelere garaldy.

Milletiň Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi hem-de gezekli-gezegine welaýat häkimlerini wideoaragatnaşyga çagyrdy. Häkimler welaýatlarda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, ekiş möwsümini üstünlikli geçirmäge, bugdaýa ösüş suwuny tutmaga, maýsalary mineral dökünleri bilen iýmitlendirmäge gönükdirilen çäreler, dökün, suw we tohum bilen üpjünçilik işleriniň ýagdaýy hem-de ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, welaýatlaryň oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýyna ünsi çekmek bilen, gowaça ekişini wagtynda geçirmek üçin agrotehniki çäreleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz welaýatlarda gök-bakja ekinlerini, ýeralmany we ir-iýmişleri köpräk ekmek, şeýle hem täze gurlan obalarda baglary, aýratyn-da, miweli baglary ekmäge häzirden gowy taýýarlyk görmek barada görkezme berdi. Şunuň bilen baglylykda, tebigaty goramak hem-de has oňaýly ekologiýa gurşawyny döretmek meselelerini sowatly çözmek möhümdir diýip, milli Liderimiz belledi.

Iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutany häkimleriň birnäçesini we olaryň orunbasarlaryny wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak baradaky Kararlara gol çekdi. Ahal, Daşoguz hem-de Lebap welaýat häkimleriniň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasarlary wezipelerinde özgertmeleri girizen milletiň Lideri şunuň bilen baglylykda, wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewany çagyrdy we gözegçilik edýän ulgamynda ýolbaşçylaryň alyp barýan işlerine jogapkärçiligini artdyrmagynyň möhümdigini belläp, bu ugurda degişli tabşyryklary berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň barşynda milletiň Lideri gol çeken resminamalaryny şol wagtyň özünde elektron resminama dolanyşygynyň sanly ulgamy arkaly welaýat häkimlerine iberdi, olar resminamalary ellerine dessine aldylar. Türkmenistanyň Prezidenti bu babatda tabşyryklary berip, bu işleri dowam etmegiň, elektron resminama dolanyşygyny oba hojalyk ulgamynda hem giňden ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi, munuň özi gyssagly çözgütleri kabul etmek üçin gündelik maglumatlary we dolandyryş gurallaryny birleşdirmäge mümkinçilik berer.

Şeýle hem döwlet Baştutany Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň