Türkmenistanda mekdep bilimleriniň üsti täze dersler bilen ýetiriler

18:0415.01.2019
0
3295

11-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow döwlet Baştutanyna Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda orta mekdepleriň okuw meýilnamalaryny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hususan-da, wise-premýer mekdep biliminiň ähli basgançaklarynda okuw maksatnamalaryny mazmun taýdan baýlaşdyrmak, olara täze dersleriň birnäçesini girizmek boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda taýýarlanan teklipler hakynda habar berdi. Şol dersler döwrüň talaplary hem-de durmuşa gadam basmaga taýýar, hünär taýdan zerur bolan endiklere eýe bolan hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösen nesli kemala getirmegiň wezipeleri bilen baglydyr.

Okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek okuwçylaryň höwesini we ukyp-başarnygyny ýüze çykarmaga, gözýetimini giňeltmäge, özbaşdak pikirlenmegini ösdürmäge, döwrebap tehnologiýalaryň, hukuk we jemgyýetçilik medeniýetiniň esaslaryna eýe bolmagyna gönükdirilendir. Tebigy ylym ugurly täze dersleri girizmek meýilleşdirilýär. Bularyň hemmesi okuwçylaryň zehinini açmak hem-de okuw sapaklaryny özleşdirmegi, döwrebap bilim almagy üçin has amatly, baý mazmunly bilim gurşawyny döretmäge mümkinçilik berer.

Milletiň Lideri orta mekdepleriň okuw meýilnamalaryny kämilleşdirmek hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we usulyýeti peýdalanmak bilen, olary durmuşa geçirmek boýunça guramaçylyk meselelerini düýpli işlemegi, mugallymlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça çäreleri görmek barada wise-premýere tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň