Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabady ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy

01:4609.01.2019
0
11906

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy bilen paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy hem-de ony mundan beýläk-de binagärlik we düzümleýin taýdan ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy. Şol taslamalar maýa goýum-gurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanyldy.

Milletiň Lideriniň garamagyna edara we jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň işlenip taýýarlanylan taslamalary hödürlenildi. Şolary 2020 — 2030-njy ýyllarda Bagtyýarlyk etrabynda gurup, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Bu ýerde görkezilýän taslamalaryň hatarynda etrap häkimliginiň hem-de beýleki edara binalarynyň, hyzmatlar we durmuş ulgamyna degişli binalaryň gurluşygy bar. Düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna bu ýerde her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň 8-sini gurmak meýilleşdirilýär. Olar umumylykda 2560 çaga niýetlenendir. Şeýle hem her biri 960 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň 6-sy göz öňünde tutuldy. Olar jemi 5760 okuwça niýetlenendir. Şeýle hem bu ýerde Medeniýet öýi, Saglyk öýleriniň ikisi we Bagt köşgi gurlar.

Bularyň ählisi jikme-jik meýilnamalaryň esasynda dürli görnüşlerde görkezildi. Mysal üçin, bu ýerde jemi 564 gektara barabar meýdanda ýaşaýyş jaýlarynyň 184-si ýerleşdiriler. Şolar umumylykda 16 müň 614 öýli 15 gatly we 9 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarydyr. Ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary jemi 74 müň 800 maşgala niýetlenendir.

Ýeri gelende aýtsak, her biri 88 öýli 15 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 72-si bolup, şolaryň 28-si üç otagly, 60-sy bolsa 4 otagly öýlerden ybaratdyr. Umuman, bu jaýlar jemi 6 müň 336 maşgala niýetlenendir.

Bu ýerde şeýle möçberdäki maşgalalara niýetlenen 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 66-syny gurmak meýilleşdirilýär. Şolarda jemi 96 öý bolup, 60-sy üç, 36-sy bolsa dört otagly öýlerdir.Ýene-de iki toplumdan ybarat bolan 9 gatly ýaşaýyş jaýlary jemi 4 müňe golaý öýden ybarat bolar.

Mundan başga-da, awtomobil ulaglarynyň duralgalarynyň, hyzmat öýleriniň, 1 müň 500 orunlyk stadiony bolan sport toplumynyň, çagalar döredijilik merkeziniň, 48 gektara barabar meýdany bolan seýilgähiň, düzümleýin ýol-ulag ulgamyna degişli desgalaryň, jemagat hojalyk binalarynyň we söwda merkezleriniň hem-de inžener-kommunikasiýa ulgamlarynyň we toplumlaryň içindäki ýollaryň gurluşygy göz öňünde tutuldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda gurulmagy meýilleşdirilýän Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de D.Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebiniň täze binalarynyň taslamalary bilen jikme-jik tanyşdy. Olary 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň ugry boýunça «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň garşysynda, ikinji görnüşi boýunça bolsa Arçabil şaýolunyň ugrunda Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynyň garşysynda ýerleşdirmek teklip edilýär. Baş meýilnama laýyklykda, bu okuw mekdepleriniň toplumyna, esasy binalardan başga-da, konsert zallary, umumy ýaşaýyş jaýlary, sport merkezi we stadion, dynç alyş zolagy, duralgalar girer.

Şeýle hem Döwlet çeperçilik akademiýasynyň goşmaça binalar toplumynyň, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň okuw merkeziniň we onuň iki sany umumy ýaşaýyş jaýlarynyň, köp gatly awtomobil duralgalarynyň, gül bazarynyň gurluşygynyň taslamalary hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz dürli beýiklikdäki iri ýaşaýyş toplumlarynyň taslamalaryna, şol sanda Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň çyzgylaryna aýratyn ünsi çekdi. Şäheriň sazlaşykly ösýän bu künjeginde çagalar baglaryny, mekdepleri, ýylda 40 müň näsagy kabul etmäge niýetlenen Saglyk öýüni, seýilgähleri we gök zolaklary gurmak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň