Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň oba ýerlerinde aragatnaşyk hyzmatlarynyň hili gowulanýar

15:3822.12.2018
0
4254

Türkmen aragtanaşykçylary ýurdumyzyň alysdaky ilatly ýerlerinde aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamlaryny ösdürmek maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirýärler. Täze ýylyň öňüsyrasynda “Altyn asyr” Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň obalarynyň on ikisinde 2G we 3G ölçegli binýatlaýyn stansiýalaryň we anten-diň desgalarynyň oturtma hem-de işe goýberiş-sazlaýyş işlerini tamamladylar. 
“Altyn asyr” ÝGPJ-niň hünärmenleri gum obalarynda Gün energiýasy bilen işleýän stansiýlary işe girizdiler. Meselem, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Gün batareýalary bilen üpjün edilen kabul ediş-geçiriş enjamy oturdyldy. Ol obalaryň birnäçesiniň ilatyny öýjükli aragatnaşyk bilen durnukly üpjün eder. 
2018-nji ýylda welaýatlaryň ählisinde ilatly ýerleriň 90-a golaýy 2G, 3G ölçegli ykjam aragatnaşyk ulgamyna birikdirildi. 
“Altyn asyr” ÝGPJ maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrýar, bu bolsa kommunikasiýa hyzmatlarynyň derejesini dünýä ölçegleriniň derejesine çenli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, LTD tehnologiýalaryň binýadynda 4G öýjükli aragatnaşyk ulgamy giňeldilýär. Ýakyn geljekde şu kysmy stansiýalary welaýat merkezleriniň ählisinde we ýurdumyzyň alysdaky künjeklerinde ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň