Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 1 million 100 müň tonna golaý pagta hasyly ýygyldy

17:3818.12.2018
0
925

17-nji dekabrda geçirilen göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Türkmenistanyň Prezidentine ýurduň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri işjeňleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň döwlet Baştutan Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berşi ýaly, Ahal, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda pagta ýygymy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şu güne çenli ýurdumyz boýunça jemi 1 million 99 müň 236 tonna “ak altyn”, şol sanda Ahal welaýatynda 231 müň 542 tonna, Mary welaýatynda 335 müň 914 tonna, Lebap welaýatynda 301 müň 555 tonna, Daşoguz welaýatynda 230 müň 225 tonna hasyl taýýarlanyldy.

Häzirki döwürde güýzlük bugdaý ekilen meýdanlarda ilkinji ösüş suwy tutulýar we maýsalar mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär. Şeýle hem sürüm işleri we ýaz ekişine ýerleri, tehnikany taýýarlamak çäreleri ýaýbaňlandyryldy.

Hususy oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen degişli işler alnyp barylýar. Olar täze ýyldan başlap gowaça, bugdaý, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek işlerine girişerler. Şu maksat bilen olara sebitlerde döredilen ýörite ýer gaznalaryndan ýer bölünip berildi.

Türkmensitanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Halk Maslahatynyň taryhy çözgütlerine laýyklykda, oba hojalygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Milletiň Lideri şu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelýändigini we ylmy taýdan esaslandyrylandygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň