Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

01:5603.12.2018
0
12395

Dynç güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde milletiň Lideri bedewler bilen didarlaşyp, özüne sowgat berlen Şapolat atly bedewi degişli at esbaplary bilen bezedi, oňa ideg etdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti bedewi athanadan çykaryp, dag ösümlikleriniň hoşboý ysyna dolan arassa howada gezim etdi. Bedew döwlet Baştutanynyň her bir hereketine boýun boldy hem-de şol bir wagtda özüni erkin alyp bardy. 
Milletiň Lideri Şapolat bilen gezelenjini tamamlap, atşynaslyk sungatyna laýyklykda bedewiň ýagdaýyny, hususan-da, onuň aýaklaryny synlady.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti ahalteke bedewlerine bagyşlanan täze eseri ýazmaga girişdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň