Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda otlular elektrikleşdiriler

19:4028.11.2018
0
1002

26-njy noýabrda göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda demir ýol ulaglary ministri A.Atamyradow döwlet Baştutanyna ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, hususan-da, demir ýol pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň demir ýollaryny elektrikleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilen Halkara ulag maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.
Ministriň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiiň görkezmelerine laýyklykda, häzirki wagtda demir ýollaryny elektrikleşdirmek boýunça tapgyrlaýyn işler geçirilýär. Demir ýol ulagynyň işine, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatyň medeniýetini ýokarlandyrmak işlerine yzygiderli gözegçiligiň üpjün edilmegine gönükdirilen anyk çäreler amala aşyrylýar.
Akina demir ýol bekedini ösdürmek maksady bilen uzynlygy 10 kilometre deň bolan goşmaça şahany çekmek boýunça işleriň barşy barada habar berildi. Ministrligiň hünärmenleri tarapyndan degişli meýilnama işlenip taýýarlanyldy, şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň ýol gurluşykçylary Owganystanyň çäginde polat ýoly gurar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, tejribeleri, bähbitli işläp taýýarlamalary alyşmak boýunça işleri dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berip, demir ýollary elektrikleşdirmek boýunça işler bilen baglanyşykly wezipeleri kesgitläp, bu ugurda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetini belledi.
Milletiň Lideri aragatnaşygyň multimodal ulgamynyň döredilmegine ünsi çekip, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmeginiň ylmy-tehnologiýa ugry hökmünde logistikanyň ösdürilmegini, bu ulgama döwrebap inženerçilik çözgütleriniň, guramaçylyk we usulyýet çemeleşmeleriniň ornaşdyrylmagyny ileri tutulýan wezipeleriň hataryna çykarýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bazar bäsdeşligi şertlerinde ykdysady düşewüntliligiň, çykdajylaryň azaldylmagynyň hem-de ýükleriň çalt ýetirilmeginiň esasy artykmaçlyk bolup durýandygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň