Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy

13:5109.11.2018
0
5136

«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynda hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşlary bilen açylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary döwletleriň ýokary wezipeli ýolbaşçylary bilen geçiren köp sanly duşuşyklary we gepleşikleri yzygiderli tertipde beýan edilýär. Şolaryň hatarynda türkmen Lideriniň Soçi şäherine iş sapary mahalynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin hem-de Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygy barada habarlar bar. Bu habarlar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň, ählumumy gülläp ösüşiň we abadançylygyň bähbidine gyzyklanma bildirilýän halkara gatnaşyklaryna ygrarlydygyny görkezýär.

Şu ýylyň üçünji çärýeginde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň Türkmenistana bolan döwlet sapary doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ruhunda yzygiderli ösdürilýän dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyna täze sahypany ýazdy. Çärýekde bir gezek neşir edilýän žurnal bu barada hem habar berýär.

Žurnalda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary barada hem makala ýerleşdirilipdir. Şol saparyň çäklerinde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammiti geçirildi. Şeýle hem şol makalada saparyň çäklerinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen geçirilen duşuşyk barada aýdylýar.

Milli Liderimiz sammitde eden çykyşynda 2019-njy ýylda birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmeginiň bu ugurda tagallalary birleşdirmäge Hazarýaka döwletleriniň ählisiniň taýýardygynyň subutnamasyna öwrüljekdigine ynam bildirdi hem-de forumy Türkmenistanda geçirmegi teklip etdi.

Awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti hem žurnalda beýan edilen möhüm wakalaryň birine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň möhüm başlangyjy esasynda şeýle ýokary derejedäki duşuşygyň guralmagy halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga, ekologiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde dünýäde howpsuzlygy üpjün etmek üçin pikir alyşmaga niýetlenen hil taýdan täze guraly döretmäge gönükdirilendir.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary baradaky makala, hormatly Prezidentimiziň Nýu-Ýorka iş saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň başlygy Mariýa Fernando Espinos Garses bilen duşuşyklary baradaky makalalar ýerleşdirilen “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk” diýen bölüm okyjylarda uly gyzyklanma döretse gerek.

“Türkmenistan — ABŞ: özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ädimleri” diýen sözbaşy bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan — ABŞ işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart we ABŞ-nyň işewür toparlarynyň beýleki wekilleri bilen geçiren duşuşyklary, milli Liderimiziň bilelikdäki işewürler maslahatyna gatnaşandygy barada habar berilýär. Şolaryň barşynda Türkmenistan — ABŞ gatnaşyklarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we çuňlaşdyrmagyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem žurnalda Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak, energetika we üstaşyr-ulag geçelgelerini kemala getirmek hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýleki halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň alyp barýan hyzmatdaşlygy hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyna bagyşlanan makalalar ýerleşdirildi.

“Diplomatik durmuşyň habarlary” atly bölümde ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen dürli maslahatlara, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmelere, hökümetara toparlaryň mejlislerine, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekiliýetleri hem-de iri halkara guramalaryň wekilleri bilen bolan ikitaraplaýyn duşuşyklara we gepleşiklere orun berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň