Soňky habarlar

Arhiw

Bäherden etrabynyň pagtaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar

23:5129.10.2018
0
4681

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň ekerançylary pagta hasylyny taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar bol pagta hasylyny ýetişdirip, Watan harmanyna “ak altynyň” 18 müň 400 tonnadan gowragyny tabşyrdylar. 
Bäherdenli ekerançylaryň ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagaty üçin gymmatly çig maly ýygnap almak boýunça umumy işe uly goşandy, olaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm oba hojalyk möwsümini öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirmek baradaky sargydyny berjaý etmäge örän jogapkärli çemeleşendikleriniň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Möwsümi ýokary depginler bilen geçirmek, pagtany kabul ediş bölümlerine hem-de gaýtadan işleýän kärhanalara bökdençsiz eltmek boýunça ähli çäreler görüldi. 
Şu gün Bäherden etrabynyň pagtaçylary zähmet ýeňşini toýlaýar. Dabaranyň çäklerinde önümçiligiň öňdebaryjylaryny — kärendeçileri, kombaýnlaryň sürüjilerini we beýlekileri sarpalamak çäresi geçirildi, olar tutanýerli zähmeti bilen döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilmegine uly goşant goşdular. Aýdymçy-sazandalar, tans we folklor toparlary konsert maksatnamalary bilen çykyş etdiler. 
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň